Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny hem-de şol saparyň çäklerinde «Al-Arabiýa» teleýaýlymynda beren interwýusyny giňden wagyz etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi  geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň  baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyz  dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar, dürli döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ilerledýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi. Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri,  ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada  Türkmenistanyň garaýyşlaryny  beýan etdi. Milli Liderimiziň meşhur teleýaýlymyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň bolan ägirt uly gyzyklanmasynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Bedew batly at-myradyň mekany bolan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde tutumly işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP