Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

        Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan – abadançylygyň hem ösüşiň merkezi»  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

      Türkmenistan, abadançylyk we diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem jemgyýetçilik we medeni taýdan hem ulu ösüşleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurduň ykdysadeýetiniň güýçlenmegine, durmuş taýdan durnuklylygyny artdyrmaga, şeýle hem halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Abadançylyk, Türkmenistanda diňe bir şu günüň ýa-da geljegiň meselesi däl, eýsem ähli jemgyýetçilik taraplaryndan we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlyklaryndan ybarat bolan bir ýörelgedir. 

            Arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!       

TSTP