Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen “Sport, sagdyn durmuş - ömre dowam” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamy gün-günden ösýär, özgerýär, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaç alýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş, sagaldyş we bedenterbiýe-sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýaş telekeçileriň arasynda sagdyn-durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmak bilen, halkymyzyň saglygyny goramakda, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli, edep-terbiýeli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär diýip belläp geçdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar il-halkynyň sagdyn, ruhubelent, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP