Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRÝÄN BEÝIK BAŞLANGYÇLARY ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

  • JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY- BEÝIK ÖSÜŞIŇ BINÝADY

    Golaýda ...

Türkmen topragy bereketiň bol hasylyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalyk pudagynyň netijeligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegi, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary peýdalanmak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler geçirilýär.                

         Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilip geçilýän hasyl toýy Arkadag şäherinde geçirilmegi uly mana eýedir. Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda “Türkmen topragy bereketiň bol hasylyň mekany”  atly maslahat geçirildi. Oba hojalyk toplumynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oba milli maksatnamasynyň işlerini üstünlikli durmuşa ornaşdyrmakda uly-uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

TSTP