Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost-doganlyk syýasaty özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazýar” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň goňşy, dost-doganlyk ýurtlary bilen alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty, Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly ýola goýlan halkara gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, şeýle-de ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalary barada buýsançly gürrüňler edildi.
Türkmen halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna ilkinji iş saparyna gitmegi, we iş saparyň çäklerinde iki ýurdyň halklary üçin hem bähbitli işler alyp barmagy bizi gaty buýsandyrdy diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP