2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Daşoguz şäheriniň 1-nji hünärmen okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda “Hususy pudak milli ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji” atly maslahat duşuşygy geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döredilýän giň mümkinçiliklerden, şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň gazanýan zähmet üstünlikleri, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän aladalar duşuşygyň esasy mowzugyna öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň telekeçilik işi hakynda kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, salgyt ulgamynda döredilýän ýeňillikler hususy pudagyň ösüşine ýetirýän oňaýly täsiri dogrusynda öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp amala aşyrýan işleri dogrusynda çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyk Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP