Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XV jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

         2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda  “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XV jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

         Häzirki ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik eseriniň XV jildini ýüzümize syldyk. Kitabyň many-mazmuny kalbymyzda orun aldy. Bu ajaýyp kitap ähli ildeşlerimiz üçin hem gymmatly gollanmadyr. Çünki saglyk ynsanyň baş baýlygydyr. 

         Ynsan saglygyny berkitmekde tebigatyň gymmatly baýlyk bolup durýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Esasan hem türkmen tebigatynyň ösümlikleri ynsan saglygyna has-da oňat täsir edýär. Şonuň üçin hem ösümlik dünýäsiniň ylmy esasda öwrenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV jildinde hem dermanlyk ösümlikler barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär. Bu bolsa ajaýyp kitabyň alymlar üçin gymmatly gollanmadygyny aýdyň beýan edýär. 

         Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ylmy esasda beýan edilmegi dünýäde hem giňden gyzyklanma döredýär. Bu ylmy-ensiklopedik eser dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Dermanlyk ösümlikleriň ylmy esasda öwrenilişi, olaryň melhemlik namalary ylym dünýäsinde uly orun eýeleýär. Bu ynsan saglygyny goramakda, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakda örän ähmiýetlidir. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitap sagdyn durmuşda ýaşamak üçin möhüm gollanma  bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP