2023-nji ýylyň 3-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda “Halkara hyzmatdaşlygyň: täze gözýetimleri” atly maslahat geçirldi. Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbitlerine gönükdirilen syýasaty üstünlikli alyp barýandygyny belläp, Türkmen Bitaraplygy Merkezi Aziýanyň syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklar berkidilýän sebite öwrülmegine uly goşant goşýandygy barada gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP