Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Ganjaýewiň tikinçilik kärhanasynda “Döwletli maslahat – döwletli döwran” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen kararlar barada we bu ugurda öňde duran wezipeler barada giňişleýin belläp geçdi. Şeýle-de maslahatda bolup geçen taryhy pursatlary aýratyn bellemek bilen Hormatly Prezidentimize berlen Türkmenistanyň Gahrymany ady bilen ähli maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk we işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
TSTP