Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistan - BMG: dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlar

2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan -  BMG: dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlar” atly maslahat geçirildi. 

Maslahadyň başynda oňa gatnaşanlarTürkmenistanyň dünýä we sebit syýasaty hem-de halkara hyzmatdaşlyk babatda alyp barýan oňyn syýasatynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda 32 ýyl mundan ozal, 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilip, geçen döwrüň içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşleriň gazanylandygy, ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan demokratik, hukuk we dünýewi döwlete öwrülendigi nygtaldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 153 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara we sebit guramalarynyň 50-den gowragynyň agzasy bolup durýar. Şol bir wagtda, ýurdumyz halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn ylalaşyklaryň 180-e golaýyna gatnaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurt saparlarynyň dowamynda dürli halkara forumlardyr çärelerde eden syýasy çykyşlary ýurdumyzyň dünýä syýasatynyň gaýragoýulmasyz meselelerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň subut edýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň aýratyn taryhy ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklarda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň sakasynda durýan, dünýä halklarynyň dost-doganlyk ýoluny pugtalandyrmakda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.

TSTP