2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – dessuryň ulusy, däbiň ýagşysy” atly wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz bagtyýar, asuda we parahat zamanada ýaşaýar. Garaşsyz baky Bitarap ata Watanymyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetip bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen pähim-paýhasly sözlerinden ugur alyp ýurdumyzda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda maslahatyň dowamynda çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem Halk Maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri we olaryň ähmiýeti hakynda aýdylyp geçildi. Maslahat Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP