2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi täze eýýamyň beýik maksatlary” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, onuň öz işini ýokary derejede alyp barmagy döwre mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, halk demokratiýasyny has-da dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi mundan beýläk hem jebisleşdirmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde möhüm ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Şeýle hem, ýurdumyzda alnyp barylýan bu syýasatyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolan halkymyzyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär diýip belläp geçdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeler durýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň Mejlis, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Netijede, özgertmeler syýasaty has-da çuňlaşdyrylar, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işler alnyp barlar. Halk Maslahatynyň we beýleki wekilçilikli edaralaryň öňünde durýan wezipeler aýdyň kesgitlenilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan täze ösüşlere ýetirmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ilatyň gündelik zerurlyklaryny üpjün etmek we isleglerini kanagatlandyrmak şol wezipeleriň esasyny kesgitleýär. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
TSTP