Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyz: “Magtymguly biziň göz guwanjymyzdyr, türkmen halkynyň adyny dünýä dolduran şahyrdyr, adamzat taryhynda yz goýan iň uly şahsyýetleriň biridir” diýip bellemek bilen, beýik akyldara çäksiz sarpa goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyllarda şirin dilli söz ussadymyzyň şygyrlar diwanynyň dünýäniň halklarynyň onlarçasynyň dillerine terjime edilmegi, akyldaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan halkara derejedäki maslahatlaryň geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Çykyşlarda täze taryhy döwrümiziň häzirki şanly günlerinde külli türkmen halky Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, ulus ilimizi dana şahyrymyzyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP