Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda şäher jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze goşgusyna bagyşlap tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýatdan çykmajak waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri ajaýyp sowgady “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň ähli watandaşlarymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Goşgynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky syýasy partiýalarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, pudak edaralary, we ähli welaýatlarymyzda hoşallyk maslahatlary geçirilýär. Beýläk pudaklar bilen bir hatarda hususy pudakda hem ýokary derejede wagyz nesihat işleri geçirilýär. Dabarada çykyş edenler islendik sözüň gymmaty, öňi bilen, kimiň aýdýandygynda. Islendik sözüň hümmeti oňa siňdirilen ynamyň güýjünde. Täze goşgy kämil çeper eser bolmakdan has giň mana, belent derejä eýe. Ol, öňi bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen halkynyň milli şahyrana ýüzlenmesidir. Türkmen döwletliginiň, bitewülik bagtynyň mukaddes arzuwyny gursagynda göteren şahyrana şol arzuwlary hasyl edijiniň kelamydyr diýip bellediler. Dabara gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP