Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Jemgyýetiň abadançylygynyň binýady: kämil kanunçylyk we halk demokratiýasy

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynda “Jemgyýetiň abadançylygynyň binýady: kämil kanunçylyk we halk demokratiýasy” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Ol türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksadyndan ugur alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolup taryha girer. Bu ählihalk maslahaty milli demokratik ýörelgeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezer. Ol döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini demokratik esaslarda ara alyp maslahatlaşmakda, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň il-günüň arasynda uly hormatdan peýdalanýan adamlar bilen maslahatlaşmak ýaly mizemez ýol-ýörelgelerine wepalylygyň hem kepilidir. Ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki uly ösüşleriniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň, döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri hem daşary syýasatynyň nusgalykdygyny ýene bir gezek dünýä ýaýar.

TSTP