Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milli jebisligiň aýdyň beýany” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Häzirki bagtyýar döwürde her bir işde ýaşululara geňeşmek, ony maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däpler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek baradaky beren tabşyryklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Milli Liderimiz öz çykyşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny dabaraly bellemek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça görülmeli taýýarlyk işleri barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi üçin uly taýýarlyk görülýändigini maslahatda çykyş edenler nygtadylar. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny! Il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
TSTP