Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda “Lebap” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Halk Market” dükanlar torynyň Lebap welaýat şahamçasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” atly düşündiriş-wagyz çäresini geçirildi 

Bu çärede Asuda-Parahat Berkarar döwletimizi dürli ugurlarda belent derejelere ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren, döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy ählumumy ykrarnama eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän her-bir tutumly işleri, taryhy çykyşlary, tassyklanylýan halk bähbitli kanunlar, türkmen ýaşlary üçin döredilýän mümkinçilikler, abadan halkymyzyň mundan beýläk-de bol-elin durmuşda, asuda-parahat ýaşamagy ugrunda edýän atalyk aladalaryndan nyşandyr!

Ak bazarlarymyzda harytlaryň bolçulygyna, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň gowulanmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde türkmen işewürleriniň çekýän tutanýerli zähmeti has guwandyryjydyr. Bu bolsa döwletimizde adamyň iň gymmatly hazynadygyndan ugur alýan Konstitusiýamyza, buýsanç duýgularyny döredýändigi dogrusynda çykyş edenler buýsanç bilen aýdyp geçdiler. 

Türkmen topragyny ajaýyp gülläp ösýän baga öwürýän, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha berkidýän,  halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Halkymyzyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini çärä gatnaşyjylar bir agyzdan  arzuw etdiler!

TSTP