Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

TÄZE KITAP — GYMMATLY ÝOL GÖRKEZIJI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň ak ýoly – Halkymyzyň bagt ýoly” atly maslahaty şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň soňky setirlerinde: “Men bu kitabymda, görşüňiz ýaly, ençeme durmuş pursatlaryny beýan etdim. Ýöne, gadyrly okyjylar, durmuş ýoly uzak diýlişi ýaly, men indiki oý­pikirlerimi “Ömrümiň manysynyň dowamaty” diýen kitabymda siz bilen dowam ederin” diýip belleýär. Şeýlelikde, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitaby çap boldy. Mälim bolşy ýaly, 28­nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda geňeşiň agzalarynyň terbiýeçilik, öwüt­ündew, wagyz­nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, şeýle hem obadyr şäherleriň ýagdaýlary, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli, hususan­da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we ondan soňky çärelere ýaşuly nesliň gatnaşmagyny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan­da, mejlisiň barşynda Gahryman Arkadagymyz täze kitabyny ýazyp tamamlan dygyny we onuň çapdan çykandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyzyň köpugurly edebi döredijiliginde türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapyp, bu kitapda geçilen ýollar, ykbal pursatlary durmuş­pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilip, çuňňur garaýyşlar öňe sürülýär. Şeýlelikde, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitap ýaş nesiller, şol sanda her bir adam üçin gymmatly ýol görkezijidir.

TSTP