Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň gurmak syýasaty bagtyýar durmuşyň binýadydyr” atly maslahat geçirildi. Arkadag şäherini bina etmek üçin ýerli gurluşykçylarymyz gijelerini gündiz edip zähmet çekdiler. Hususy gurluşyk düzümleriniň 60-dan gowragynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan şäher gurluşyk taslamasynda ilatyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Hususy binagärlerimiz Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň esasynda, sanlyja ýylyň içinde “akylly” şäher gurdylar. Bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan desgalar hem uly orun eýeleýär. Şolardan birleşmäniň edara binasyny, söwda we dynç alyş merkezini, 1000 orunlyk toý mekanynda öz içine alýan myhmanhanany, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan 24 sany ýedi gatly, 42 öýli, 24 sany dokuz gatly, 54 öýli hem-de 84 sany iki gatly, 2 öýli ýaşaýyş jaýlaryny mysal getirmek bolar. Ýurdumyzyň binagärlik we şäher gurluşyk işini ýokary derejelere ýetirip, milli gurluşykçylarymyza ajaýyp şäherleri gurup, döwletimiziň abraý-mertebesini äleme ýaýmak üçin ähli şertleri döredip berýän hem-de uly ynam bildirýän Milli Liderimiziň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
TSTP