Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda “Saglyk uly gymmatlykdyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýaş nesiliň saglygy döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň birine öwrüldi. Olaryň sagdyn hem-de berk bedenli bolmaklary, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda bolup geçýän ösüş özgerişlere mynasyp goşantlaryny goşmak, ýaramaz endiklerden daşda durup, sport bilen meşgullanmak ýaşlaryň gündelik kadasyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman dünýäsiniň howuplaryna garşy alyp barýan giň möçberli tutumly işleri, bu möhüm ugurdaky taýsyz tagallalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz “Ähli gowluklaryň hem rowaçlyklaryň sakasy saglykdyr. Beden, aň we ruh sazlaşygyny döretmek, güýç bilen ruhy utgaşdyrmak, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden, daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ynsan sagdynlygynyň esasy ýörelgeleridir” diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermeginiň, türkmen sportynyň abraýyny has-da belende götermegiň döwrüdir. Watanymyzyň her bir raýaty özleri hakda edýän bu ägirt uly aladalary şeýle-de ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
TSTP