Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ylym-bilim ösüşleriň binýady

2023-nji ýylyň 8-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda ylymlar güni mynasybetli “Ylym-bilim ösüşleriň binýady” atly wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýam Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary halk hojalygyna ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýär ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň öňünde geljekki ösüşlere tarap aýgytly ädimleri ätmek ugrundaky anyk maksatlaryň durmagy dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam etdirilmegine itergi berýär. Bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

TSTP