Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli birleşmäniň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Ak şäherim – Aşgabat” atly dabaraly maslahat geçirildi. Häzirki wagtda dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň kämil binagärlik keşbiniň kemala gelmeginde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, tagallalary bimöçberdir. Dabaraly maslahata çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda üstünlikli amala aşyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp keşbi, kämil sazlaşygy, Ýer ýüzünde barha belende galýan abraýy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aşgabadyň gözelliklerini wasp edýän goşgulary oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda şeýle beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän, merjen şäherimizi mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri belentden ýaňlandy.
TSTP