Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Döwletimiziň demokratik esaslary berkidilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasyda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan “Döwletimiziň demokratik esaslary berkidilýär” atly maslahat geçirildi. Durmuşa geçirilýän köpugurly döwlet syýasaty hem-de amala aşyrylýan maksatnamalar Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler muny turuwbaşdan nygtap, Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmagyň esasy ugurlary, şunda Halk Maslahatynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşylyp, onuň dowamynda öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň we jemgyýetiň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, ony goldamagyň, goramagyň, oňa hyzmat etmegiň häkimiýet edaralary üçin baş wezipe bolup durýandygy nygtalýar. Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ýurduň geljegi, ýaş nesilleriň döwletiň, halkyň öňündäki jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, adamlaryň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynyň syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk işjeňligini artdyrmak, raýat jemgyýetiniň ornuny pugtalandyrmak baradaky alada bütin aýdyňlygy bilen orta çykdy. Hususan-da, bu işleriň amala aşyrylmagy üçin Halk Maslahatlaryna, geňeşlere saýlanan agzalaryň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, geňeşliklere ýolbaşçylyk edýän arçynlaryň jemgyýetçilik bilen has ysnyşykly gatnaşygy, olaryň alyp barýan işi bilen halky giňden tanyşdyryp durmagyň ýola goýulmagynyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP