Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän giň gerimli beýik işler” atly maslahat geçirildi. Ajap eýýamymyzda behişdi mekana öwrülýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşli ýolunda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň guwançly netijesidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň geçen aýlarynda halk hojalygynda gazanylýan üstünlikler jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar bilen utgaşýar. Şol wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, demokratik ýörelgeleriň has-da kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, şu günki günde esasy wezipe demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň nusgalyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiziň hemme taraplaýyn gülläp ösmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ajap eýýamymy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
TSTP