Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Arkadagly Serdarymyzyň ak ýoly – bagtyýar ýaşlaryň nurly ykbaly” atly maslahat geçirildi. Ýaşlar bilen bagly meseläni döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanmyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň şol ynamdan gözbaş alýan beýik işlere abraý bilen hötde geljekdiklerine şübhe ýokdyr. Mähriban Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň has-da rowaçlyklara beslensin. Arkadagly Serdar Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
TSTP