Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Sagdyn jemgyýet

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda welaýat Gümrükhanasynyň kiçi mejlisler jaýynda neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň, güýçli täsir ediji derman serişdeleriniň, temmäki we alkogol önümleriniň bikanun dolanşygyna, kontrabandasyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, “Sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat düşündiriş çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň, güýçli täsir ediji derman serişdeleriniň, temmäki we alkogol önümleriniň bikanun dolanşygyna, kontrabandasyna we ulanylmagyna garşy Garaşsyz baky Bitarap ata Watanymyzda döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bu zyýanly endiklerden daşdan durmagyň ähmiýetiniň sagdyn we kämil ýaş nesli kemala getirmekde möhüm orna eýedigini belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize bu ugurda alyp barýan giň gerimli işleri üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendiler.

TSTP