Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Ata-babalarymyzyň asylly däpleri, halallyk ýoly hem-de edep-terbiýesi ýaş nesillere mirasydyr

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda ösüp gelýän nesillerde ahlaklyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, ululara hormat goýmak, halkymyzyň taryhyna, däp-dessuryna, medeniýetine söýgi we tebigaty aýawly garamak häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen “Ata-babalarymyzyň asylly däpleri, halallyk ýoly hem-de edep-terbiýesi ýaş nesillere mirasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş maksadydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik we belent watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş – ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmeginde, eziz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň we doly möçberli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda, şol sanda köpugurly we toplumlaýyn daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda hem ýaşlara uly ynam bildirilýär.

         Goý, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP