Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň şygaryny dabaralandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler barada duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda birleşmäniň edara binasynda  duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr” diýen ajaýyp jümlesi ýaşlary beýik işlere, zähmet  joşgunyna ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, oňyn özgertmelere, her günümizi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan bize ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýan ýyly, bagtyýar ýaşlygyň, ertire bolan beýik ynamyň ýyly bolmak bilen, ýaşlara Watanymyz, halkymyz üçin halal we döredijilikli zähmet çekmek mukaddes borç bolup durýar. Duşuşykda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň şygaryny dabaralandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar eziz Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän Hormatly Prezidentimize, Halkyň Milli Liderine alkyş sözleri aýtdylar.

TSTP