2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny giň halk köpçüligine düşündirmek we ony wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetinde “Halk Maslahaty – agzybirligiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.
Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde, has takygy, 11-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň geçirilmegi, onda möhüm meselelere garalyp, şonuň bilen bagly degişli çözgütleriň kabul edilmegi gadam basylan şanly ýylyň hem taryhy ähmiýetli wakalara baý boljakdygyny alamatlandyrdy. Bu maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek boýunça teklibiň öňe sürülmegi uly jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. Ýene-de sanlyja günden, 21-nji ýanwarda jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülmek bilen, döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmekde,Watanymyzy ösüşleriň täze derejelerine çykarmakda uly ähmiýete eýe bolar. Halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesine, ajaýyp ýol-ýörelgelerine eýerip,Watanymyzyň ähli babatda gülläp ösmegine, raýatlaryň bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
TSTP