2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Daşoguz welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Kärdeşler Arkalaşygynyň welaýat bölüminiň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda beren tabşyryklaryny wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň aýdyň ýoly bilen” atly maslahaty geçirildi. Onda milli parlamentiň önünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläkde döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda milli parlamentiň wekillerine, olaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişli bolup durýar. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde önde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar diýip Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyryljak bu özgertmeleriň ýurdumyzyň demokratik-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin sag bolsun aýtdylar.
TSTP