Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly: Täze üstünliklere badalga

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň  welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly: Täze üstünliklere badalga” atly maslahat geçirildi. 

Her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň islegine, haýyşyna laýyklykda, 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy bizi beýik üstünliklere ruhlandyrdy. Bu ählumumy ruhy göteriliş täze beýik işleri amala aşyrmaga mizemez daýanç sütüni bolup hyzmat eder. Täze, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi bolsa göwünleri galkyndyrdy. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligi, berkararlygy, asudalygy we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolamagyny arzuw etdiler.

TSTP