2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetinde “Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty boýunça – giň gerimli işler durmuşa geçirilýär” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.
Çärede Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolandygy bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti we onuň çäklerinde şäherlerde we obalarda ýaşyl zolaklarynyň giňeldilmegi ugrunda bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi barada nygtaldy, şeýle hem hususyýetçilerimize döredilýän mümkinçilikler dogrusynda aýdylyp geçildi. Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP