2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Daşoguz Maliýe Ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Döwlet maslahaty ýurdumyzyň syýasy durmuşyndaky orny” atly maslahat geçirildi.
Çykyşlarda Arkadagly Serdarymyz Döwlet maslahatynda taryhy çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkyň mundan beýläk hem bagtyýar, abadan ýaşamagyna, dünýä jemgyýetçiligi bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna gönükdirilen wezipeleriň üstünde durup geçendigi barada giňişleýin bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegiň maksat edilýändigi üçin şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmelidigini nygtady. Şonuň ýaly-da, geljek döwürde sebitlerde suw, lagym geçirijilerini, suw arassalaýjy desgalary, awtomobil ýollaryny, gaz we elektrik geçirijilerini gurmak bilen sebitleriň inženerçilik ulgamyny özgertmegi, şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün etmegi maksatly wezipe hökmünde kesgitländigi dogrusynda hem bellenilip, Hormatly Prezidentimiziň bu asylly maksatlary “Döwlet dine halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgesini durmuş hakykatyna öwürjek taýsyz tagallalardygy barada buýsançly aýdylyp geçildi.
Maslahata gatnaşanlar söz bilen hereketiň jebis sazlaşygynyň ajaýyp nusgasyny Gahryman Arkadagymyz türkmen jemgyýetiniň durmuşynda subut edip gelendigini, dowamata dowam eýlenen bu ýörelge Arkadagly Serdarymyzyň hem başyny başlan ähli beýik işleriniň özeninde berk binýat bolup durýandygy, ol bolsa merdana halkymyz bilen Hormatly Prezidentimiziň baky jebisligini bir bitewi maksatda birleşdirip, önde goýlan maksatlaryň myrada ýetmegine uly güýç berýär diýip Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP