2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ajap önüm” hojalyk jemgyýetinde “Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty: belent sepgitleriň badalgasy” atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerine buýsanmaga, guwanmaga haklydyrys. Çünki, biziň parahat döwletimiz, agzybir ilimiz we beýik ösüşli ata Watanymyz bar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan bu şanly ýylda Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşda döretmegi, gurmagy, ýaşamagy üçin edýän tagallalaryndan hem-de mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerinden ruhlanyp, joşgunly zähmet çekýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şanly wakalarydyr seneleri türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu uly maslahat kabul edilen taryhy çözgütler ýurdumyzda halk demokratiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda täze badalga bolmak bilen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ýene-de bir taryhy wakasyna öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar.
TSTP