2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilelikde gurnamagynda Serdar şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda “Ýaşlar biziň geljegimizdir” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly sagdyn pikirlenmäge ukyply, nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar.Ýaşlaryň aň-düşünje ,beden taýdan sagdyn hünärine ezber saýlap alan, ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydy diýip belläp geçdiler. Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimizi janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler . Ýaş nesillerimize döredilýän dünýä nusgalyk işleri üçin çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP