Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Ýaşlar döwletiň kuwwaty, daýanjy

2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Ýaşlar döwletiň kuwwaty, daýanjy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna bedew bady bilen gadam basýar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda her günümiz taryhy wakalara beslenýär. Ynha şeýle taryhy wakalaryň biri hem 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy bolup durýar. Bu gün Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ylym-bilim öwrenmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli telekeçilik işine çekmekde we bu ugurda olara ýakyn goldaw bermekde uly işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki ýylda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde telekeçilik ugrundan ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy-da munuň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň telekeçiliginiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemegini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny kämilleşdirmek, olary telekeçilik işine giňden çekmek üçin höweslendiriş ulgamyny ösdürmek hem-de bu çäreleriň durmuşa geçirilişine parlament gözegçiligini has-da güýçlendirmek meselelerinde-de zerur çäreler geçirilýär belläp geçdiler. Oňa gatnaşyjylar bu bagtyýarlygy halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP