2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde ata-babalarymyzyň ajaýyp sungat däplerini ösdürmek we gadymy saz gurallarmyzyň köp öwüşginli görnüşlerini dikeldip, geljek nesillerimize ýetirmek maksady bilen, “Medeniýet, saz-sungat nesillerimize miras” atly duşuşyk geçirildi.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň saýasynda milli medeniýet ulgamy ösüşlere eýe bolýar, medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýär. Milli medeniýet halkyň ýüzüniň tuwagydyr, ruhy baýlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýakynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi watandaşlarymyzyň her birinde ýakymly duýgulary döretdi. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ojaklar bilen birlikde, Mary welaýatynda ýerleşýän “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasy, Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler watandaşlarymyzy we dünýä syýahatçylaryny özüne çekýär. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikler türkmen medeniýetiniň ösen döwürlerinden habar berýär hem-de bu babatda bu gün alnyp barylýan işleriň örän ähmiýetlidigini äşgär edýär. Halkymyzyň medeniýeti, sungaty, halk döredijiligi nesiller tarapyndan aýawly saklanylýar we baýlaşdyrylýar. Türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar Bu ajaýyp medeniýetimizi, däp dessurlarymyzy geljek nesillerimize ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr belläp geçdiler. Oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP