Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Täze eýýamda ýaşlary telekeçilik işine çekmekde hususy pudagyň uly orny

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda  “Täze eýýamda ýaşlary telekeçilik işine çekmekde hususy pudagyň uly orny” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda ýurdumyzda hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimizdäki ornynyň  barha artýandygyny, telekeçilige döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigi,  bu pudagyň pajarlap  ösmegine, dünýä bazarynda tanalmagyna giň mümkinçilikleri açylýandygy. Şeýle-de ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Jeýhuny ýakalap oturan Lebap welaýatymyza iş saparyna gelmegi welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny begendirdi. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bardy. Ol  ýerde döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşylmagy ýene-de bir ýatda galyjy, taryhy wakalaryň biri boldy diýip öz çykyşlarynda aýtdylar hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürip, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny artdyrmaga döredilýän giň mümkinçilikler, goldaw-hemaýatlar üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP