2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap medeniýet öýünde Ylymlar güni mynasybetli “Täze eýýamda ylym tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary halk hojalygyna ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň etdiler.
Çykyş edenler maslahatyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna hem-de il-ýurt bähbitli alyp barýan ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP