2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki maliýe orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Geçirilen bu dabarada çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Ömrümiň manysy” atly kitaby beýleki eserleri ýaly taryhy ähmiýete eýe bolup, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda öz ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary beýan edilýär, dinimiz, däp-dessurymyz, milli ýol-ýörelgämiz hakda söhbet açylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýeten beýik derejesi, türkmeniň ýaşaýyş medeniýeti bilen bagly hakydamyza siňen düşünjeleriň üsti bilen, taryhymyz, ýörelgelerimiz bilen çeper dilde beýan edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de şeýle ajaýyp kitaplaryň sanynyň köp bolmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP