2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 77 ýyllygy mynasybetli “Şöhratly Ýeňşiň şanyna” ady bilen Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşunyň muzeýine gezelenç gurnaldy.
Bu muzeýi synlap, muzeý işgäriniň beren täsirli gürrüňlerini diňläp, aradan şunça ýyllar geçse-de ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça adamyň gahrymançylygy hakyndaky hakyda hemişelik saklanýandygyny duýýarsyň. Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, gahrymançylygyň belent nusgalaryny görkezdiler. Ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar, çagalar “Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!” diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekdiler. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar.
TSTP