2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Eşretli kenar” hususy kärhanasynda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen, “Medeniýetim arşa galýar gün-günden” atly duşuşyk geçirildi.
Çykyşlarda: Berkarar döwletimizde Watanymyzyň her bir pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda, milli medeniýetimize, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, milliligimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň medeniýetini, mirasyny gaýtadan dikeltmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda-da ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ajaýyp zamanamyzda türkmen medeniýetiniň has-da güllemegi ugrunda sungat we medeniýet işgärleri tarapyndan ençeme işler alnyp barylýar. Şeýle-de dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP