2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk-döwletimiziň baş ýörelgesi” atly soprtuň küşt-şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi uly buýsançly waka öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport sagaldyş, medeni-köpçülikleýin çärelere welaýatymyzda giň gerim berildi. Bu geçirilýän çäreler ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sportuň meşhurlygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar diýip belläp geçdiler. Çäre gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler. Bäsleşik örän gyzgalaňly ýagdaýda geçirildi, türgenler öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TSTP