2022-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, “Mukamlaryň seresi sen dutarym” atly maslahat geçirildi.
Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Milli Liderimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň her bir pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda, milli medeniýetimize, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, milliligimize uly üns berilýär. Türkmen halkynyň medeniýetini, mirasyny gaýtadan dikeltmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda- da ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ajaýyp zamanamyzda türkmen medeniýetiniň has-da güllemegi ugrunda sungat we medeniýet işgärleri tarapyndan ençeme işler alnyp barylýar. Saz sungatymyzyň aýratyn taraplaryny açyp görkezmekde-de beýik işler ýola goýulýar. Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserinde dutaryň aýratynlygyny açyp görkezmek bilen: “Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde “Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär” diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men “Bitaraplyk” diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar» diýip, beýan edýär. Şu günki Berkarar döwletimizde bolsa, milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň YUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biz, türkmenistanlylary diýseň begendirdi, buýsandyrdy diýip belläp geçdiler. Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
TSTP