2022-nji ýylyň 14-nji martynda Telekeçi P.Babaýewiň “Täsin älem” haryt nyşanly mebel kärhanasynda milli senetçiligi ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmek maksady bilen “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” atly çäre geçirildi.
Bu çärede Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleri beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki, ylym-bilimiň, ösen medeniýetiň ojagy hasaplanýan mähriban Diýarymyz bu gün ösüşiň ýolundan batly depginler bilen öňe barýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli senetçiligi we zenanlaryň el hünärini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-ündew etmek, geçmişimizi ýaşlara açyp görkezmek maksady bilen uly işler alynyp barylýar diýip öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Çäre gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP