Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda “Arkadagyň paýhasyna eýerip ýetilen sepgitler” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Milli Liderimiziň nusgalyk eserleriniň ýurdumyzyň her bir raýatynda egsilmez joşguny döredýändigi barada,
eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň dowamaty bolan sagdyn, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýýan, ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy wagyz edýän, ýokary ahlakly, watansöýüji, ylymly-bilimli, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde nusgalyk mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin aýdyldy. Ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiziň “Jan Watanym Türkmenistan” atly täze goşgusynyň halkymyza gowuşmagy, Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplary, goşgulary ýeňişlere beslenýän zamanamyzyň görkanalygyny artdyrýandygy dogrusynda, kämil paýhasyna, ýiti zehinine eýlenip, öz okyjylaryna gowşan eserleriniň her biri egsilmez hazynadyr diýip buýsançly bellenildi.
Duşuşygyň Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdylyp, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagy arzuw etdiler.
TSTP