3-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Balkan welaýat partiýa komiteti tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2021-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan şanly wakalaryň, beýik zähmet ýeňişleriniň, ajaýyp üstünlikleriň ýyly boldy. Geljeki 2022-nji ýyl hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy hem has-da guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu gün ýurdumyzyň ilaty milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we öňde durýan beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär. Munuň özi watandaşlarymyzyň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
TSTP