2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Telekeçi H.Amanmämmedowyň ýyladyşhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda köpçüligiň döredijilik güýjüni ýurdumyzy ösdürmegiň öňde goýlan wezipelerini, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmäge gönükdirmeli. Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitlere ruhlandyrmak maksady bilen “Beýik döwre beýik işler ýaraşýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini maddy hal ýagdaýyny has-da gowlandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüňler edildi. Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şeýle beýik işleriň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmegiň esasy özenine öwren “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar Watanymyzy ähli taraplaýyn gülläp ösýän ýurda öwürmekde gazanylýan guwandyryjy üstünliklere döwletli Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar çykyşlarda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen dabaralanýan ýurdumyzda, halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat telekeçiniň bu ýyladyşhanasynda zähmet çekýän agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertlerdir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
TSTP