Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ýörelgeler-göreldedir ýaşlara

            2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminde ata – babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ruhy mirasymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen “Ýörelgeler-göreldedir ýaşlara” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

           Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler  Türkmen ýaşlaryny halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berip, ýas neslimizi terbiýelemekde ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleri, nakyllary, atalar sözlerini özlerine ýörelge  edipdirler. Köp asyrlaryň dowamynda durmuş şertleriniň hem-de taryhy tejribeleriň esasynda, kämilleşen milli ýörelgelerimiz esasynda, belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, aň-düşünje babatda türkmeniň kämil, Watanyň gaýratly, päk wyždanly, zähmetsöýer ogullary we gyzlary kemala gelýär diýip öz çykyşlarynda aýtdylar hem-de arassa ahlakly, zähmetsöýer, döwrebap, ýaşlary ýetişdirmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

TSTP