Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Bagtyýar Watanda Asuda Geljek

2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda “Hyzmat Merkezi” hojalyk jemgyýetinde köpçüligiň döredijilik güýjüni ýurdumyzy ösdürmegiň öňde goýlan wezipelerini, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmäge gönükdirmek, Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip has belent sepgitlere ruhlandyrmak maksady bilen, “Bagtyýar Watanda Asuda geljek” atly  maslahaty geçirildi. 

Bu maslahatda Mähriban Arkadagymyzyň  halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda telekeçilik ulgamy giňden goldanylýar. Pederlerimiziň watansöýüjilik, berkararlyk, abadançylyk taglymatlaryna eýerip, Mähriban Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda möhüm işler, ägirt uly özgertmeler, düýpli tutumlar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürleri, döwletimiz, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçilere bildirilen ynamy ödemek maksady bilen, öz işlerinde innowasion tehnolagiýalary ornaşdyryp, öndürýän önümleriň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyryp, azyk howpsuzlygynyň amala aşmagyna, bazarlarmyzda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi, harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyny gazanmaklyga öz goşantlaryny goşmak maksady bilen bäsleşige ukyply önümleri öndürip, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, senagatda, oba-hojalygynda, gurluşykda, söwdada we hyzmatlar ulgamynda üstünlikli iş alyp barýarlar we ýokary netijeleri gazanýarlar. Geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistan döwletimiz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşyp, bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly işleri alyp bardy. Dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim, söwda  we beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen häzirki wagtda bu ugurdan baý tejribe toplady. Dünýä ýurtlarynyň arasynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Ata Watanymyz dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolup, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar diýip belläp geçdiler. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdy we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdi.

TSTP